BILIM

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda ýurtlaryň orny

Dünýäniň 93 ýurdunyň 1500-den gowrak uniwersitetleriniň “okatmak, ylmy-barlag we halkara dünýägaraýyş” ýaly ugurlar boýunça sanawy taýýarlandy. “Times Higher Education” edarasynyň dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň ýurtlar boýunça sanawlaryny yzygiderli https://www.atavatan-turkmenistan.com/ saýty arkaly size ýetiripdik.

“Times Higher Education” edarasynyň 2021-nji ýyl üçin sanawynda dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň arasynda ýurtlaryň orny hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu sanawda ABŞ-dan 8, Angliýadan 2 uniwersitet ilkinji 10-lyga girýär. Üstümizdäki ýylda Angliýadaky “Oxford” uniwersiteti sanawda 5-nji gezek iň gowy uniwersitet saýlanan bolsa, ABŞ-daky Stanford uniwersitetisi ikinji, Garward uniwersiteti bolsa üünji orny eýeledi.

Bu sanawda öňdäki orunlary eýelän ýurtlaryň näçe sany ýokary okuw mekdepleriniň sanawa goşulandygyny görmek bolýar.

ABŞ – 106 uniwersitet

Angliýa – 60 uniwersitet

Germaniýa  – 41 uniwersitet

Awstraliýa – 28 uniwersitet

Italiýa – 26 uniwersitet

Hytaý – 22 uniwersitet

Kanada – 18 uniwersitet

Fransiýa – 17 uniwersitet

Niderlandlar – 13 uniwersitet

Russiýa – 7 uniwersitet

Ispaniýa – 7 uniwersitet

Daniýa – 6 uniwersitet

Saud Arabystany – 3 uniwersitet

Ysraýyl – 3 uniwersitet

Eýran – 3 uniwersitet

Türkiýe – 2 uniwersitet

Gresiýa – 2 uniwersitet

Müsür – 2 uniwersitet

Braziliýa – 2 uniwersitet

Hindistan – 1 uniwersitet

ABŞ sanawda öňdeligi eýeleýär. Ýurduň 106 uniwersiteti iň gowy 500 uniwersitetiň hatarynda. Şol bir wagtda ilkinji 10-lukda hem bu ýurduň 8 uniwersiteti bar. Bu ugurdaky ABŞ-nyň üstünligine ýetip bilen başga ýurt ýok.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler