SPORT

Dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan “dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi” baýragyna mynasyp boldy. Ol bu baýraga 5-nji gezek eýe bolýar.

Mundan ozal, 2013-nji, 2014-nji, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda bu baýraga mynasyp bolan Ronaldo üstünlikleriniň hataryna ýene-de bir üstünlik goşdy. Oňa bu baýrak şu ýylyň dowamynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçiren 21 goly üçin berildi. Şeýle abraýly baýraga häzire çenli diňe 2 gezek mynasyp bolan futbolçylar bar. Ronaldonyň bu baýragynyň sany 5-ä deň boldy.

Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 101-e ýetirdi. Ol bu ugurda futbolçylaryň hatarynda bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçydyr.

Şu habary hem okap bilersiňiz:

Ronaldonyň täze rekordy

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy