DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy 118 ýaşynda

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hökmünde tanalýan ýaponiýaly Kane Tanaka 118 ýaşyny belledi. Bu barada Ýaponiýanyň “NHK” teleýaýlymy habar berýär.

Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi. Ol 2018-nji ýyldan bäri dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurduň gazetleriniň birinde berlen beýanata görä, Ýer şarynyň iň garry ýaşaýjysynyň 2021-nji ýylyň maýynda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasyna gatnaşar.

11-nji maýda Tanaka Olimpia oýunlarynyň alawy bilen 200 metr menzil geçmegi göz öňünde tutulýar. Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly-8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýäde şu wagta çenli iň köp ýaşan fransiýaly Žanne Kalmandyr. Ol 1997-nji ýylda 122 ýaşynda aradan çykypdy.

2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi ýurtda 100 ýaşdan uly adamlaryň sanynyň ilkinji gezek 80 müňden geçendigini habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde olaryň 88 göterimi aýallar, ýagny 70 975 zenan.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler