BIZNES

Dünýäniň iň baý gyzjagazy

Dünýäniň iň gurply gyzjagazy kimkä? Habaryňyz barmy? Munuň jogabyny uzak ýerden däl-de, karollyk maşgalasyndan gözlemeli. Asyl, Beýik Britaniýanyň şazadasy Uilýamyň we gersoginýa Keýt Middltonyň gyzy melike Şarlotta dünýäniň iň baý gyzjagazy eken.

Ol degişli sanawda aýdymçy Beýonseniň gyzy Blu Aýwi Karteri we Kim Kardaşýanyň gyzlary Nort we Çokagony yzda galdyrdy.

6 ýaşly gyzjagazyň miras paýy 5 milliard amerika dollaryna deň. Şarlottanyň erkek doganlary şazada Jorj bilen kiçi Lui hem dünýäniň iň baý çagalarynyň hatarynda. Häzir Jorja degişli miras 3, Luiniň paýy bolsa 1 milliard dollara ýetýär.

Eýsem, näme üçin Şarlotta erkek doganlaryna görä has baý? Karollyk maşgalasy onuň köpçüligiň öňündäki her bir çykyşynyň uly gyzyklanma eýe bolýandygy we geýen lybaslarynyň dessine moda dünýäsine aralaşýandygyny aýdýarlar. Diňe şu iki ýagdaý hem onuň baýlygynyň artmagyna sebäp bolýar.

Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder