BILIM

Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleri-2023: Türkmenistandan 3 habarçy agza

Her ýyl «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy çap edilýär. 2023-nji ýyl üçin çap edilen sanawda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri hem öz mynasyp ornuny aldy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu sanawda “habarçy” agza hökmünde kabul edildi.

Sanawa girizilmezden öň ýokary okuw mekdeplerine netijeliliginiň dürli görkezijileri, şol sanda bilim bermek, ylmy barlaglar we halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.

«Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan taýýarlanýan bu sanaw dünýäniň köp sanly ylmy jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýedir.

“The Times Higher Education World University Rankings 2023″ sanawynda dünýäniň 104 ýurdundan 1799 uniwersitet kabul edildi. Bu sanaw dünýäniň iň uly hem-de giň gerimli reýting sanawydyr. Bu sanawa girmek üçin ähli ýokary okuw mekdepleri uly tagalla edýärler.

Bu sanawyň ilkinji onlugynda Beýik Britaniýanyň hem-de ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri agdyklyk edýär. Ýene-de birinjiligi Oksford uniwersiteti eýeledi. Garward uniwersiteti ikinji, Kembrij uniwersiteti bolsa, üçünji orundadyr.

Ozal, ýurdumyzdan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty habarçy agza hökmünde kabul edilipdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak babatda beren tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine bu abraýly sanawa goşmak ugrunda tagalla edilýär.

 

Türkiýäniň halkara abraýly ýokary okuw mekdepleri :2023

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy