SIZDEN GELENLER

Dünýäniň ajaýyp täsinlikleri

Dünýä näçe syýahat  edilse-de, adamzady haýrana goýýan tebigy täsinlikleriň soňuna çykyp bolmajak ýaly görünýär. Çünki ynsan gözledigiçe täze zatlaryň üstünden barýar. Aklyňa gelmejek, hyýaly güýjüň aňyňda gurup bilmejegi täsinliklerden doly yklymyň ýene bir ajaýyplygy bilen sizi tanyşdyrmak isledim:

Awstraliýanyň günbatar böleginde ýerleşýän Goldfilds-Esperansyň günortasynda  Hillier köli bolup, bu köl özüniň gülgüne reňki bilen dünýä täsinlikleriniň arasynda ýer alýar. 1802-nji ýylda iňlis syýahatçysy Matweý Flinders tarapyndan açylan bu kölüň uzynlygy 600 m, ini bolsa 250 m bolup, onuň iň ajaýyp aýratynlygy gülgüne ýagny janly reňke eýe bolmagydyr. Alymlar ilki gülgüne suwlaryň kölüň düýbünden emele gelýändigine ynanypdylar,  emma suw bir gaba guýulanda-da öz reňkini saklaýandygy belli edildi.

Kölüň düýbünde bitýän ýeke-täk janly-jandar “Dunaliella salina” atly suwotydyr. Ol  suwuň temperaturasy we duzlulyk derejesi ýokarlananda gyzyl reňkde beta-karotin (gyzyl pigment) atly bir madda öndürýär. Bu madda suwotulary ýokary energiýaly Gün şöhleleriniň zyýanly täsirinden goraýar. Şol döwürde  gyzyl halofil bakteriýalar hem köpelýändigi üçin kölüň reňki gülgüne ýa-da gyzyl öwüsýär.

Düzüminde duzuň artykmaçdygyna garamazdan, köl ýüzmek üçin howpsuz hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa Günbatar Awstraliýanyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň tassyknamasy esasynda kölde suwa düşmäge rugsat berilmeýär.

 

 

Laçyn RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Daşary  işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti