Üstümizdäki ýylda global kömür sarp edilişi 1,2% ýokarlanar we rekord derejä ýeter. Bu barada Halkara Energetika Guramasy (IEA) tarapyndan taýýarlanan “Kömür 2022. 2025-nji ýyla çenli seljeriş we çaklama” hasabatynda bellenilip geçilýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, dünýäde energetika bazarlaryndaky durnuksyzlylyk sebäpli 2022-nji ýylda kömür söwdasy, onuň bahasy we sarp ediş möçberi düýbünden üýtgedi.
Şol sebäpli, şu ýyl dünýäde kömüriň sarp edilişi dokuz ýyl ozalky rekorddan geçer, ilkinji gezek 8 milliard tonnadan geçer we isleg 2025-nji ýyla çenli şeýle ýokary derejede galar. Şol bir wagtyň özünde, öňki rekord görkeziji 2013-nji ýylda hasaba alyndy we görkeziji 7,997 milliard tonna deňdir.
Hasabata görä, Hindistanda kömrüň sarp edilişi 6.8 göterim artyp, 1.103 milliard tonna barabar bolar. Hytaýda bolsa, kömre bolan isleg ýokary bolmagynda galar we 4,250 milliard tonna deňeçär bolar.
Käbir Ýewropa ýurtlary tebigy gazyň bahasynyň ýokary bolmagy sebäpli kümre geçdi. Muňa garamazdan, Ýewropa ýurtlary 2025-nji ýyla çenli kömrüň sarp edilişini 7 göterim azaldyp, 522 million tonna ýetirmegi meýilleşdirýär.
ABŞ-da bu görkeziji 6,3 göterim azalyp, 383 million tonna, Ýaponiýada 3.8 göteirm azalyp, 158 million tonna, Russiýada 1.4 göterim azalyp 227 million tonna barabar bolar.
Üstümizdäki ýylda kömrüň önümçiligi 5,4 göterim artyp, 8.318 milliard tonna deň bolar.
