TEHNOLOGIÝA

Dünýäde iň meşhur programma

“Sensor Tower” analitik kompaniýasy, kompvuter we “akylly” enjamlara göçürip almak we girdeji gazanmak arkaly iň gowy programmalaryň sanawyny kesgitledi. Kompaniýanyň habaryna görä, “WhatsApp” programmasy noýabr aýynda iň girdejili programma boldy.  Bu babatda “TikTok” programmasy köp wagtlap öňdeligi elden bermedi. Meşhur sms habarlaryny alyşmak “WhatsApp” programmasy, diňe noýabr aýynda 58 million gezek göçürip alyndy.

Bu programmany köp göçürip alan ýurt Hindistan boldy. Onuň görkezijisi 30 göterime barabardyr. Ikinji orny 10% göterim bilen Nigeriýa eýeledi. “TikTok” programmasy geçen ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende, onuň maýa goýumy 3,7 göterim ýokarlandy, ýagny 123 million dollardan gowrak pul gaznasyna getirmegi başardy.  Noýabr aýynda bolsa bu programmany 55 million gezek göçürildi. Göçürip almak we girdeji almak arkaly iň gowy programmalaryň sanawynyň üçünji ornuny “Facebook” programmasy eýeledi.

Göçürip almak we girdeji almak arkaly iň gowy programmalaryň sanawyny:

  1. 1. WhatsApp
  2. 2. TikTok
  3. 3. Facebook
  4. 4. Weather and Radar USA
  5. 5. Instagram
  6. 6. ZOOM
  7. 7. Snapchat
  8. 8. Messenger
  9. 9. Telegram
  10. 10. SnackVideo

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Pekinde robotlaryň arasynda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi

Hytaýyň programma üpjünçiligi pudagynyň girdejisi 11,2% ýokarlandy

Russiýa özüniň “Messenger” ulgamyny döredýär

Sürüjisiz taksi ilkinji özbaşdak eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

“YouTube” 16 ýaşa ýetmedik ulanyjylar üçin täze çäklendirmeleri girizýär

Hytaýyň “Yutong” ägirdi Merkezi Aziýa üçin 10 müňünji awtobusyny taýýarlady