MEDENIÝET

Dünýäde iň köp kitap okaýan döwletler

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynyň baş direktory Andreý Kondraşow Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen XXXII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşyp, dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar barada habarçylara gürrüň berdi.

– Dünýä reýtinginde iň köp kitap okaýan döwletleriň hatarynda Hindistan öňde barýar. Bu ýurtda adamlar hepdede 10 sagatdan gowrak wagtyny kitap okamaga sarp edýär. Şeýle hem ilkinji üçlükde Tailand we Hytaý ýaly döwletler bar. Russiýa bu reýtingde 7-nji orunda durýar. Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy ýurtlarynda bolsa, öňdeligi Belarus bilen Russiýa eýeleýär – diýip, Kondraşow belledi.

GDA-nyň giňişliginde kitap okamakda Azerbaýjan bilen Gazagystan degişlilikde 3-nji we 4-nji orunda durýarlar.

Minsk şäherindäki esasy kitap we metbugat pudagynyň sergisine 20-den gowrak döwlet 500-e golaý diwarlyk bilen gatnaşdy. Gatnaşyjy döwletleriň hatarynda – Braziliýa, Wenesuela, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Türkiýe, Siriýa, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler bar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi