TEHNOLOGIÝA

Dünýäde iň çalt kabelsiz güýçlendiriji

Hytaý döwletiniň “Xiaomi” kompaniýasy resmi taýdan özüniň soňky döwrebap tehnologiýasy bolan kabelsiz tok geçirijisini hödürledi. Bu täze tehnologiýa, dünýäde iň çalt tok geçiriji ulgamy bolup durýar. Onuň güýç kuwwaty 80 Wt toka barabardyr. Kompaniýa tehnologiýanyň 4000mAh batareýasyny bary-ýogy 19 minutda tok berip biljekdigini, 50% göterim tok almak üçin bary-ýogy 8 minut gerek boljakdygyny buýsanç bilen belläp geçýär.

Mundan öň iň çalt 50W “Xiaomi” kabelsiz tok bermek üçin şu ýylyň awgust aýynda çykan “Xiaomi Mi 10 Ultra” akylly telefonynda amala aşyrdy. 2019-njy ýylda bolsa “Xiaomi Mi 9” akylly telefonynda kuwwatlylygy 20W çenli ýokarlandy. Şeýle hem bu kompaniýanyň geljek ýyl, 100W çalt tok beriş tehnologiýasynyň üstünde işleýändigi habar berildi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar