SIZDEN GELENLER

Dünýädäki 9 sany meşhur gazetler

1)“The Guardian” – atly gazet  Angliýada neşir edilýän milli gündelik gazetdir.  Öň “Mançester goragçysy” ady bilen tanalýan bu kärhana 1821-nji ýylda telekeçi Jon Edward Teýlor tarapyndan esaslandyryldy.  Bu gazet häzirki wagtda “Skott Trust Limited”-e degişli “Guardian Media Group”-yň bir bölegidir. Şahamçalarda “Guardian hepdelik” we “Synçy” bar.  Şeýle hem, “theguardian.com” onlaýn neşir we iki sany halkara web sahypasy, ABŞ-da we Awstraliýada web sahypalary bar.  “The Guardian”-yň gündelik ortaça tiražy 204222 nusga;  2012-nji ýylda gazetiň onlaýn neşiri onlaýn okyjylaryň sany boýunça bäşinji orny eýeledi. “The Guardian” çap dizaýnynda öňdebaryjy hasaplanýar we neşirýat meýdançasyna möhüm täsir edýär. Gazet bu ugurlardaky köp baýraklaryň hemaýatkäri.  Mundan başga-da, gazet 2006-njy ýyldaky Bütindünýä gazet dizaýn baýragyny aldy.

2) “The Wall Street Journal”- atly gazet Nýu-Ýorkdan gelen iňlis dilindäki, işewürlige gönükdirilen halkara gündelik gazetdir. Neşirýatçy “Dow Jones & Company” ilkinji gezek günüň dowamynda bir sahypalara iberilýän täzelikleri jemledi.  Bu 1880-nji ýyllaryň başynda bolupdy.  Soňra Çarlz Doe we Edward Jones “Wall Street Journal”-a öwürdiler we bu at bilen ilkinji neşir 1889-njy ýylyň 8-nji iýulynda çap edildi.  “The Wall Street Journal” 4 million nusgasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iň köp neşir edilýän gazetdir.  “Wall Street Journal” gazetini internetde hem okamak bolýar.  Onlaýn tertipde 1996-njy ýylda işe girizildi we 2007-nji ýyla çenli gazetiň sahypasy 980,000 töweregi abunaçysy bolan iň köp tölegli habar saýty boldy.  Taryhynyň dowamynda gazet Pulitser baýragyny 30 gezek gazandy.

3)“New York Times” atly gazeti 1851-nji ýylyň 18-nji sentýabryndan bäri Nýu-Ýorkda  yzygiderli neşir edilýän we “New York Times” kompaniýasyna degişli gündelik gazet.        “Çal aýal” lakamly bu gazet milli habar beriş serişdeleriniň we senagatyň arasynda bir görnüşe öwrüldi.  Gazetiň şygary hemmelere mälim – “Çap edilmäge mynasyp ähli habarlar”, elmydama çep ýokarky burçdaky birinji sahypada tapylyp bilner.  Indi gazet aşakdaky bölümlerden durýar – Habarlar, Nýu-Ýork, Pikirler, sport, işewürlik, sungat, ylym, stil, syýahat we başgalar.  “New York Times” gazetiniň  neşiri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “The Wall Street Journal” -dan soň ikinji ýerde durýar.  Gazet dünýäniň ähli gazetleriniň arasynda 39-njy orunda durýar.  Bu neşir Pulitser baýragyny 117 gezek gazanyp, bu habar beriş serişdeleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir.

4)“ The Washington Post” -atly gazet ABŞ-da, Waşington şäherinde gündelik neşir edilýän gazet.  Gazet ilkinji gezek 1877-nji ýylyň 6-njy dekabrynda çap edildi we häzirki wagtda sebitdäki iň köne neşirleriň biridir.  Gazet ABŞ-nyň paýtagtynda ýerleşýär we “Washington Post”    makalalarynda milli syýasata ünsi çekýär.  Neşir her gün Kolumbiýa we Wirjiniýa etraplary üçin neşir edilýär.  “Washington Post” Pulitser baýragyny 47 gezek aldy. Aslynda gazetiň eýesi Graham maşgalasy ony Jeff Bezosa 250 million dollara satdy.  “Washington Post” indi Jeff Bezos tarapyndan gazet satyn almak üçin döredilen “Nash Holdings” kompaniýasyna degişlidir.

5)”China Daily“- atly gazet  Hytaý Halk Respublikasynda iňlis dilinde çap edilýän gündelik gazetdir.  Bu gazet 1981-nji ýylyň iýun aýynda çap edilip başlandy we Hytaýda iňlis dilinde   çap edilýän gazetleriň arasynda gündelik 200,000 nusga bilen iň köp tiražly neşirleriň biridir. Gazet merkezi Pekiniň Çaoang etrabynda, Hytaýyň ähli iri şäherlerinde şahamçalary we Waşington, Nýu-Ýork, Katmandu we Londonda birnäçe halkara ofisleri bar.  Gazetiň  bölümleri Gonkongda, ABŞ-da we Ýewropada ýerleşýär.  Gazet duşenbe-şenbe günleri neşir edilýär we Hytaýda ýaşaýan daşary ýurtlulara we iňlis dilini ýokarlandyrmak isleýän ýerli ýaşaýjylara niýetlenendir. Neşiriň onlaýn görnüşi 1995-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi we üç dürli dilde – iňlis, hytaý we fransuz dillerinde işini alyp barýar.  Hytaýda ilkinji iri onlaýn gazetdir.

  6)“Times of India” atly gazet iňlis dilinde çap edilýän hindi gündelik gazetidir. Bu Hindistanda 3-nji uly we gündelik iň köp satylýan gazetdir. Şeýle hem iňlis dilindäki iň köne gazet, şu wagta çenli Hindistanda neşir edilmegini bes etmedi.  BBC “Times of India” -ni dünýäniň iň gowy alty gazetiniň hataryna goşýar.

7)The Sydney Morning Herald atly gazet  Awstraliýada her gün iňlis dilinde

çap edilýär. Gazet 1831-nji ýylda esaslandyryldy we ozal “Sydney Herald” diýlip atlandyryldy.  SMH Awstraliýanyň milli habar markasy we Awstraliýada yzygiderli neşir edilýän iň köne gazetdir.  SMH hepdede alty gün çykýar we Sidneý, Kanberra, Täze Günorta Uels we Günorta-Gündogar Kwinslend söwda nokatlarynda satylýar.  Gazetiňe şenbe we ýekşenbe günleri birnäçe goşundysy bar.

8)Asahi Shimbun atly gazet Osakadaky resmi ştab-kwartirasy bilen Ýaponiýanyň milli gazetidir. Gazetiň gündizki neşiri üçin 7,96 million, agşamky neşiri üçin 3,1 million tiražy bar. Şin-içi Hakoşima “Asahi Shimbun” gazetiniň baş müdiri bolanda, “International Herald Tribune” bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde neşir edildi.  Bu hyzmatdaşlyk 2001-nji ýylyň aprelinden 2011-nji ýylyň fewralyna çenli dowam etdi. “Asahi Shimbun” Ýaponiýanyň iň uly we iň gadymy milli gündelik gazetidir.  Birinji sany 1879-njy ýylyň ýanwar aýynda neşir edildi, gazetde diňe dört sahypa bar.

9)”Dawn “atly gazet  Pakistanda iň gadymy we iňlis dilinde iň köp okalýan gündelik gazetdir.  Bu “Herald” we “Spider” -e, şeýle hem maglumat tehnologiýasy, marketing, mahabat we metbugat ugurlaryndaky birnäçe žurnallara eýe bolan “Pakistan Herald Publications” -yň neşiridir.  Gazetiň Lahorda, Karaçi we Yslamabatda ofisleri bar we daşary ýurtlarda wekilleri bar.  Neşir Muhammet Ali Jinnah tarapyndan 1941-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Delide Musulman ligasynyň sesi hökmünde esaslandyryldy.  Ilkinji neşir 1942-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Latifi Press-de çykdy.  Gazet “Los Angeles Times”, “Washington Post”, “Guardian”, “Independent” ýaly günbatar gazetleri bilen birleşdirilen makalalary yzygiderli çap edýär. Neşirýat kompaniýasy 24 sagatlyk iňlis dilindäki habarlar kanalyny açdy, ýöne 2010-njy ýylda, iki aýlap dowam eden synag ýaýlymlaryndan soň, kanal maliýe kynçylyklary sebäpli urdu diline geçdi.

Gülruh Atabaýewa,

TDIM-niň HGI-nyň talyby.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

 

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy