JEMGYÝET

Dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere—Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy.

Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň hem-de beýlekileriň parlamentleriniň we dürli geňeşleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Halkara parlamentiniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň hatarynda hökümetleriň gol çeken halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepillendirilmegi, halkara hukugynyň pugtalandyrylmagy, tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamakda BMG-niň ornunyň tassyklanylmagy, uzakmöhletleýin durnuklylygy saklamak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak hem-de berkitmek we beýlekiler görkezildi.

Şonuň ýaly-da, duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy.

«Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyga gatnaşyjylar türkmen tarapyna bu maslahaty ýokary derejede gurandygy üçin hoşallyk bildirdiler hem-de jemleýji resminamany kabul etdiler.

Howa maglumaty: 29-njy aprel 2021

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi