MEDENIÝET

Dünýä Pyragy hakynda maslahatlaşýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde daşary ýurt alymlarynyň, magtymgulyşynaslaryň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara ylmy maslahatyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Halkara ylmy maslahatyň dowamynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, edebi-filosofik pikirlere ýugrulan döredijiligi hakynda çuň manyly çykyşlar diňlenildi. Ýagny dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlar, magtymgulyşynaslar dana şahyryň edebi mirasyny öwrenmek ugrunda alyp barýan ylmy işleri bilen halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.

Olardan Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy boýunça assosiýasiýasynyň prezidenti Li Ok Rýu, Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň professory Nasim Ahmed Şah, sanly ulgam arkaly Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Petrosýan we başga-da birnäçe alymlardyr magtymgulyşynaslar akyldar şahyryň döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde edýän işleri barada täsirli gürrüňleri berdiler.

Şeýle işleriň alnyp barylmagy Ýer ýüzünde ussat şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Taryhy mazmuna eýe bolan halkara ylmy maslahat öz işini «Pyragy hem Arkadag — köňüllere şamçyrag», «Magtymguly we Gündogar edebiýaty», «Magtymgulynyň şygryýet älemi», «Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik» ýaly bölümçeleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdi.

Dünýä alymlary jem bolup, beýik akyldaryň dünýewi we ylahy garaýyşlaryny döwrebap ylmy nazaryýetde açyp görkezmekde täze usullary gözlemekde we tapmakda berýän uly ýardamy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy