DÜNÝÄ

Dünýä döwletleriniň naharlary hakynda gysgajyk maglumat

Her bir döwletiň özüne mahsus milli naharlary bolýar. Türkmen naharlary diýenimizde ilki bilen dograma, palaw, unaş…göz öňümize gelýän bolsa, dünýä ýurtlarynyň hem özlerine mahsus naharlary bar. Şu ýerde dünýä ýurtlarynyň belli naharlary hakda gysgajyk gürrüň edeliň.

Italýan naharlary:  Italýan naharlarynda iň köp bilinýän naharlary makaron naharlarydyr. Makaronlar görnüşlerine görä dürli-dürlüdir:penne, maccherony, spaghetti, linguine, fusilli, lazanya…

Italýan naharlary diýenimizde ilki bilen  dünýäniň her bir ýerine ýaýran pizzalary göz öňümizde janlanar. Dünýäniň her bir ýerinde pizza tagamlylygy bilen her bir adamy haýran galdyrýar.

Fransuz naharlary:Italýan naharlary ýaly dünýäniň her bir ýerine ýaýran meşhur döwletleriň biridir. Taýýarlanmasy wagt alsa-da et önümlerinden taýýarlanan iýmitler, süýjülikler, çorbalary bilen üns çekýär.

Ýapon naharlary: Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýapon naharlary diýenimizde “Tofu”, “noodle” “suşi” naharlary göz öňüne gelýär. Ýapon naharlarynyň esasy ulanylýan önümi tüwüdir.

Hindi naharlary: Din we köpçülik tarapynda ýurduň içinde hem uly tapawutlyk görkezýän Hindistan döwleti naharlarynyň dürli görnüşleri bilen mälimdir. Wagtyň geçmegi bilen iňlis, fransuz medeniýetinden täsirlenen hindi naharlarynyň pomidor, ýeralma, bulgar bilen taýýarlanan görnüşleri-de ulanylyp, nahar görnüşleri artypdyr.

Hytaý naharlary: Iýmek, pişirmek, dürli görnüşli haýwanlaryň etinden peýdalanýan  aýratynlyklary bilen tapawutlanýan hytaý naharlary ulanylýan iýmit görnüşleri bilen dünýäniň iň baý döwletidir.

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragyny aldy

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy