SPORT

Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama duşuşyklarynyň netijeleri

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Ýewropa sebitindäki saýlama duşuşyklaryna badalga berildi. Ýewropa sebitinden 13 toparyň gatnaşjak dünýä çempionaty üçin “A”, “D”, “E”, “G” ve “H” toparçalarynda ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Bu saýlama duşuşyklarynda Türkiýäniň milli ýygyndysy garaşylmadyk netije gazandy. Olar Niderlandlar Patyşalygynyň milli ýygyndysyny 4:2 hasabynda utmagy başardylar. Mundan ozalky dünýä çempionatynyň ýeňijisi Fransiýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Ukrainanyň milli ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Duşuşyklaryň netijeleri:

“A”  toparça

Serbiýa – Irlandiýa: 3-2

Portugaliýa-Azerbaýjan: 1-0

“D” toparça

Finlýandiýa-Bosniýa-Gersogowiniýa: 2-2

Fransiýa-Ukraina: 1-1

“E” toparça

​​​​Belgiýa-Uels: 3-1

Estoniýa-Çehiýa: 2-6

“G” toparça

Türkiýe-Niderlandrlar: 4-2

Gibraltar-Norwegiýa: 0-3

Latwiýa-Garadag: 1-2

“H” toparça

Malta-Russiýa: 1-3

Sloweniýa-Horwatiýa: 1-0

Kipr-Slowakiýa: 0-0

 

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy