SPORT

Dünýä çempionatynyň Ýewropa bijeleri çekildi

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Ýewropa sebiti babatda saýlama oýunlarynyň bijeleri çekildi. UEFA guramasynyň Sýurihdäki ştab-kwartirasynda çekilen bijeleriň netijesinde dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýewropanyň döwletleriniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky bäsleşik badalga aldy.

Munuň üçin toparçalar belli boldy. Toparçada birinji bolan ýygyndylar gönüden-göni 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Toparçalardaky ähli duşuşyklar 2021-nji ýylda geçiriler. 24-25-nji, 27-28-nji, 30-31-nji martda, 1-2-nji, 4-5-nji, 7-8-nji sentýabrda, 8-9-njy, 11-12-nji oktýabrda, 11-13-nji, 14-16-njy noýabrda duşuşyklar geçer.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

2020-nji ýylda dünýä çempionatynyň saýlama toparçalardaky bijeler:

A toparça: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan.

B toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa.

C toparça: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa.

D toparça: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa-Gersegowiniýa, Gazagystan.

E toparça: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus Estoniýa.

F toparça: Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa.

G toparça: Niderlandrlar, Türkiýe, Norwegiýa, Garadag, Latwiýa, Gibraltar.

H toparça: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta.

I toparça: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San-Marino.

J toparça: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov