SPORT

Dünýä belli topar adyny we nyşanyny üýtgetmekçi

Futbol äleminde giňden tanalýan Italiýanyň meşhur “Inter” topary özüniň adyny we nyşanyny üýtgetmek isleýär diýip, “La Gazzetta dello Sport” neşiri habar berýär. Häzirki wagtda toparyň doly ady “Internasionale, Milan” bolup durýar. Toparyň ady Italiýadan başga-da, daşary ýurtlarda tanaljak derejede gysgaltmak meýilleşdirýärler.

Toparyň täze nyşany “Inter” futbol toparynyň keşbinden daşlaşmagyna we global media kompaniýasynyň keşbine has ýakynlaşmagyna mümkinçilik berjek, döwrebap markasyny hödürlemek isleýär. Toparyň nyşanyny üýtgetmekde toparyň adykman janköýerleri hem gatnaşar.

1908-nji ýylda toparyň esaslandyryjylary häzirki wagtdaky toparyň nyşanyny we şygaryny döretdiler. Şeýle hem bu neşiriň habar bermegine görä, “Inter” topary özüniň çykyş edýän meýdançasyny hem üýtgetmek isleýär. “Inter” topary häzirki wagtda San Siro stadionynda çykyş edip, ony “Milan” futbol topary bilen paýlaşýar. Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynda topar 18 oýun geçirip, 40 utuk toplap çempionatda ikinji orunda barýar. Özüniň indiki duşuşygyny 23-nji ýanwarda “Udineze” futbol topary bilen oýnar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi: Özbegistan Ronaldo garşy oýnar

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar