Rus dilli ýurtlarda doglan we Ýewropa ýurtlaryna we ABŞ-a göçüp gidenler tarapyndan döredilen meşhur markalar bolsa diýseň köp. “Adme” portaly esasy wakalaryň sekizisini görkezmegi synanyşdy. Portalyň habar berşi ýaly, 8 sany meşhur markalar:
- “Chanel”: Ernest Eduardowiç Bo, dünýäniň iň meşhur atyryny döreden adam. 1881-nji ýylda Moskwada parfýumeriýa maşgalasynda dünýä inýär. Bo raýat urşy döwründe bosgun hökmünde Pariž şäherine göçüp gidýärler. Ilkinji “Chanel” atyrlaryny 1921-nji ýylda öndürýär. Has takyk aýdanymyzda şol döwürde Bo atyrlaryň 5-sini taýýarlapdyr.
- “Max Factor”: Polşa şäheriniň Lodz şäherinde doglan Maksimilýan Faktorowiç 14 ýaşynda bosgun hökmünde Moskwa göçüp gelýär. Irki döwürlerde Maksimilýan, Russiýanyň meşhur medeni ýerleriň biri hasaplanylýan Bolşoý teatrda sungat işgäriniň kömekçisi bolup işe başlaýar. Soňra bolsa kosmetika bilen gyzyklanyp başlaýar we özüniň ilkinji dükanyny bolsa Rýazan şäherinde açýar. Maksimilýan 1904-nji ýylda ABŞ-a göçýär we has kämilleşýär. Häzirki wagtda “Max Factor”, dünýädäki iň uly kosmetika öndürijileriniň birine öwrüldi.
- “Metro-Goldwyn-Mayer”: Filmleriň açylyşynda ýolbarsyň gygyrmagy bilen tanalýan kino kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Lui Maýer. Ol Belarusyň Minsk şäherinde dünýä inýär.
- “Checker Motors Corporation”: Amerikanyň iň meşhur taksi ulag öndürijisini esaslandyran Moris Markin Smolensk şäherinde dogulýar. Markin 19 ýaşynda ABŞ-a maddy ýagdaýy pes we ol ýeriň dili bilmezden göçüp gidýär, soňra öz işjeňligini has artdyryp bu ýurtda üstünlik gazanan atlaryň sanawyna goşulmagy başarýar.
- “Lewi Strauss & Co”: Dünýäniň iň meşhur jins egin-eşik brendini döreden Ýakob Lýus (ýa-da Ýakob Ýofis) Riga şäherinde dogulýar we ýaş wagtynda ol hem bosgun hökmünde ABŞ-a göçip gidýär.
- “Timberland”: Meşhur aýakgap markasyny döreden Natan Şwarts. Bu oglan Odessia şäherinde dogulýar.
- “Lime Crime”: Kosmetika öndürijisi “Lime Crime” kompaniýasynyň esaslandyran Doe Dir, hakyky ady bolsa Kseniýa Worotowa. Kseniýanyň doglan ýeri Ižewsk şäheri.
- “Google”: Dünýäde has belli markalaryň biri hasaplanylýan “Google”, rus bosgunlary tarapyndan döretdiler. Sergeý Brin Moskwanyň matematikleriniň maşgalasynda dünýä inýär. 1979-njy ýylda maşgalasy bilen ABŞ-a göçip gidýärler. Brin 1990-njy ýyllarda Stenford uniwersitetinde tanyşan Larri Peýdž bilen bilelikde geljekde miwesini berjek taslamasynyň üstünde işläp, soňra bolsa ony üstünlikli durmuşa geçirýärler.
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!