SPORT

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça teleserial surata düşüriler. Serialda boksçynyň keşbini janlandyrjak aktýor belli boldy.

“The Greatest” atly serial “Amazon” kompaniýasy tarapyndan surata düşüriler. Aktýor Jalen Best 32 ýyl “Parkinson” keseli bilen göreşen we 2016-njy ýylda aradan çykan agyr agramdaky dünýä çempiony boksçynyň keşbinde oýnar.

Serialda dünýä belli boksçynyň durmuşy, onuň boks tutluşyklary, gazanan üstünlikleri doly halk köpçüligine ýetiriler.

Ähli döwürleriň agyr agramdaky boks çempiony hasaplanýan Muhammet Aly 1960-njy ýylda Rimde geçirilen  Olimpiýa oýunlarynda ýeňil agram derejesinde altyn medal gazanyp, ilkinji üstünligini gazanypdy.

Meşhur boksçynyň durmuşa barada 2001-nji ýylda Golliwudda “Ali” atly çeper film hem surata düşürilip, bu filmde meşhur aktýor Uill Smit çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler