DÜNÝÄ

Dünýä adaty durmuşa dolanýar

― 27-nji maýda Dubaýyň sport zallary we kinoteatrlary gaýtadan işläp başlar. Ilkinji tapgyrda olara ir sagat 6-dan gije 23-e çenli işledilmäge rugsat berildi.

— Moldowa hökümeti halkara demir ýol, awia we awtobus gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň haçan tamamlanjakdygyny yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, 30-njy iýundan soňra daşary ýurtlylaryň Moldowa Respublikasyna girmegine rugsat berler.

— BSGG koronowirusyň gelip çykyş çeşmesini takyk öwrenmek üçin Hytaýa bilermenleriň uly toparyny ugradar.

— Ýaponiýada käbir çäklendirmeler doly tamamlandy, şol sanda adamlara köçä çykmak gadaganlygy hem bütinleý ýatyryldy.

— Çernogoriýanyň hökümeti ýurtda koronowirus bilen kesellänleriň ählisiniň sagalandygyny habar berdi.

— Ispaniýanyň hökümeti 1-nji iýuldan başlap, ýurda daşary ýurtly syýahatçylaryň girmegine rugsat berer.

— Gresiýada kafe, restoran we barlar işläp başlady.

 

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler