BIZNES

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” kompaniýasynyň wekilleri bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenilip geçilip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmeklige gönükdirilen iri taslamalar, öňde goýlan wezipeler, gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler barada tanyşdyryldy.

“Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde alnyp barylýan işleriniň deňiz ulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanýandygyny aýratyn bellemek bilen, şeýle-de Türkmenistanyň milli flotuny ösdürmeklige gönükdirilen taslamalaryň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmeklige, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orunlary eýelejekdigini göz öňünde tutup, gämi gurluşyk boýunça maýa goýumlaryny goýmaklyk barada kompaniýa teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändiklerini hem-de geljekde agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin degişli işleriň geçiriljekdigi barada nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler