BILIM

Döwrebap tejribehana açyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň öňüsyrasynda täze tejribehananyň açylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler tejribehanada döredilen mümkinçilikler, bu ýerde diňleýjileri okatmakda alnyp baryljak işler barada maglumat berdiler we onuň işini geljekde has-da kämilleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dabaranyň dowamynda bilim ojagynyň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmenleri oňa gatnaşyjylary täze tejribehanada döredilen şertler, enjamlar bilen tanyşdyrdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidroftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredilen bu tejribehana sowadyjy we howa ulgamlary ugurlary boýunça diňleýjileri taýýarlar.

Ol dünýä ülňülerine laýyk gelýän abzallar — VRF-howany kondisionirleme, çiller we fankoýl, uglewodorodly sowadyjy, näsazlyklary aradan aýyrýan okuw-türgenleşik enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň üsti bilen diňleýjiler sowadyş we howa ulgamlarynyň gurnalyşy, işledilişi, sazlanylyşy, tehniki hyzmat edişi boýunça bilim alyp, hünär derejelerini ýokarlandyrarlar.

Ýene-de okaň

Mekdep bazarlarynda söwdalar gyzyşýar

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi

2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna arza kabul edilýär