SIZDEN GELENLER

Döwletli dünýäniň diwany

Gadam basan ýerinde gül-gülzarlyk döredýän, bakan ýerine bagt bolup seredýän, kalby sahawatly, pähim-parasatly Gahryman Arkadagymyz şanly toýuň öňüsyrasynda ýene-de bir ajaýyp kitaby halkyna peşgeş berdi. Ol ýöne bir peşgeş däl. Onda türkmeniň kalbynyň sünnä sungatyndan dörän, heňňamlaryň hakykatyny özüne siňdiren ajaýyp nagyşlar bilen boýdan başa bezelen sahypalar döwletliligiň nyşany bolup, milli ýörelgelerimizi beýan edýän dürdäne setirler bilen sazlaşýar. Bu diwan halkymyza asman-zeminiň eçilen mizemez döwletliliginiň, döwürleriň ýüreginden geçip şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgelerimiziň beýanyny birin-birin, asyl durkunda gürrüň berýär. Gürrüň berýär-de, geçmişiň ylyma, ylhama, parasada, paýhasa… ýugrulup, dünýä uzan gadymy köklerine syýahata alyp gidýär. Bu diwan halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň döwletlilik ýörelgeleriniň köprüsi bolup dünýä ýaýylýar.

Döwlet — döwletli. Kökleri bir bolan bu sözleriň aňyrsynda adam gymmatlygy baradaky garaýyşlar jemlenýär. Ajaýyp kitabyň “Asmandan arkaly, Zeminde zynatly” atly ilkinji bölümi hem adam gymmatlygy baradaky jümlelerden başlanýar: “Asmandan arkaly, Zeminde zynatly ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk. Bu eýýamyň anyk mazmuny adam gymmatlygynda jemlenendir. Bu eýýamyň maksatlary hem adam gymmatlygyndadyr. Ösen häzirki eýýamyň täzeçilligi adam gymmatlygyna esaslanýar.” Bu sözleriň durmuşy mysaly Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Bu şygary durmuş ýörelgesine öwren halkymyz milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşip, Hakdan halatly, kerem-keramatly mukaddes topragynda yranmaz döwlet tapdy. Adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Arkadag Prezidentimiz döwletli dünýäsinden Berkarar hem bagtyýar döwür döretdi. Bu döwrüň esasy maksady adamlary bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, rysgal-döwletiň içinde ýaýnadyp ýaşatmakda. Hut şeýle-de bolýar. Döwletli köňülden gaýdýan döwrümiziň her pursatynda heniz görlüp-eşidilmedik taryhy wakalar dünýä ýaň salýar. Munda ýaňy dünýä inen çagadan başlap, bize görelde mekdebi bolýan ýaşululara çenli taýsyz alada bilen gurşalýar. Gurşalýar-da asyrlaryň baş gymmatlygy adamyň kalbyna barýan ýollar döwletlilik ýörelgesinden gözbaş alyp dünýä ýaýylýar. Sebäbi ýaşaýşyň manysy adamzat bilen, onuň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen ölçelýär. Bu barada täze kitapda getirilen jümleler çuňňur many-mazmuny bilen ýürege ornaýar. “Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi. Häzirki döwür ýaşaýşyň manysynyň, ilkinji nobatda, adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýandygyny ykrar etdi.”

Döwlet bolmagyň baş şerti — agzybirlik. “Agzybire Taňrybir…” diýlişi ýaly, agzybirlik bolan ýerde döwlet berkarar, döwletlilik ýar bolýar. Agzybirlikden başlanýan ýolumyz döwletlilik ýörelgelerine birigýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bir döwlete gulluk etmek baradaky arzuwlarynyň wysalyny:

“Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

                                  Göteriler ol ykbaly türkmeniň”

diýen setirleriniň amala aşmagynda görýäris. Döwlet maşgaladan gözbaş alýar. Döwletiň agzybirligi, parahatlygy, maşgalanyň binýadynyň berkliginden, asudalygyndan, abatlygyndan başlanýar. Döwletiň sütüniniň berkligi, mizemezligi oňa dahylly her bir ynsanyň maddy we ruhy dünýäsiniň gözelliginden, baýlygyndan, her bir maşgalanyň asylly ýörelgelerinden gözbaş alýar. Ol ýörelgeler ili — il eýleýär, geçmişden geljege ýol eýleýär. Ol ýol heňňamlaryň synagyndan, halkyň aňyndan geçip, dünýäniň ýüreginde ebedilik orun alýar. Bu ýol türkmeniň ýoly. Onda ynsan gymmatlygy döwletlilik ýörelgeleri bilen utgaşyp, bagtyýar ýaşaýşyň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynda döwletlilik ýörelgeleri: “Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi; Ömrüň manysy — Watanyň rowaçlygynda; Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar; Saglyk — abatlyk; Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy; Myhmansöýerlik; Dostluk — asylly ýörelge; Ynsaplylyk; Agzybirlik; Durmuşyň kadasy — paýhas pendi; Ýoluňyza rowaçlyk nur çaýsyn!” atly indiki bölümleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ýörelgeleriň ählisi halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Olar ynsan tebigatyny, onuň içki we daşky dünýäsini gözellikler bilen doldurýar. Şonuň netijesinde durmuşymyz bagtyýarlyga beslenýär. “Adam eli — gyzyl gül” diýlişi ýaly, ynsan balasyna mahsus ajaýyp häsiýetleriň, edim-gylymlaryň dowam etmeginden ýaşaýşymyz gülleýär, göwünlerde gözellik döreýär. Akyldar şahyrymyzyň:

Gurdugym aslynda bilgil,

                                       bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam,

                                 budur türkmen binasy”

diýşi ýaly, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän döwletlilik ýörelgeleri mizemezlige esaslanýar. Ýene-de şahyr:

“Hak sylaýyp kylmyş nazar,

                                      bardyr onuň saýasy”

diýýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserinde hem tebigatyň türkmene asman-zemin berekedini bolluk bilen eçilendigi bellenilýär. “Göz öňüne getirip görüň, Amyderýanyň gadymy akabasyndan akýan ýene bir derýa Garaguma ýaşyl ýaýlalary bagyş edýär! Bu bagy-bossanlyk, gül-gülzarlyk halkymyzyň aňyna, ýadyna, garaýyşlaryna ýazyldy. Gaýrada Uzboý, ileride Köpetdagyň çeşmeleri Ahal sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine taryhy seljerme bermäge çuňňur esas döredýär”. “Tutuş türkmen topragynyň berekediň mekany bolandygyna ajaýyp tebigatyň eçilen Tejeniň waharmany, Lebabyň gülabysy, Daşoguzyň garrygyzy, Sumbaryň nary diýen ýaly bahasyz baýlyklary şaýatlyk edýär.” Bu dürdäne setirleri okanyňda topragymyzyň mukaddesligine, kerem-keramatdygyna buýsanjyň goşalanýar. Kitapda orun alan pähimli tymsallar türkmen ruhunyň ebedilik gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzyň pendi-nesihatlaryny dünýä rowaçlyk şuglasy bolup ýaýýar. Ýaýylýar-da halkymyzyň milli ruhunyň ykrarnamasy bolup ýaňlanýar. Eserden syzylyp çykýan şöhratly geçmişimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän pähim-parasatlar okyjyny öz dünýäsine çagyrsa, rowaýatlara siňen ömürleriň gymmatly pursatlary göz öňümizde asyl durkunda janlanýar. Mahlasy, döwletlilik ýörelgelerimizi beýan edýän ajaýyp eser döwletlilik nury bolup kalplara ýazylýar. “Ýürekden çykan söz, ýürege ýetýär” diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli kalbyndan, döwet galamyndan  syzylyp çykýan eserleriniň ählisi dünýäniň ýüregine altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň ajaýyp şygrynda buýsanç bilen:

“Zybanyňda söz sungatyň,

Özüň eser Arkadag!…”

diýip belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwletli dünýäsi, tarypyna söz ýetmeýän ylahy ylhamdan ybarat. Ol dünýäniň ajaýyp söz sungatyndan döreýän eserler bolsa, ýollarymyza ýagtylyk, köňüllerimize ýagşylyk nuruny eçilýär.

Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp Şa diwanyny okanymdan soňra, kalbyma dolan setirler bilen jemlemekçi.

Döwletli ýüregiň döwre peşgeşi,

 Paýhas düri, parasadyň çeşme

 Ylahy ylhamly kalbyň joşmasy,

  Şa diwanyň gutly bolsun, Arkadag!

 

       Döwet galamyňda dünýäň paýhasy,

       Döwrüň depesinde bagtyň baýdagy,

       Gelýär göwnüň ak arzuwlar aýdasy,

     Şa diwanyň gutly bolsun, Arkadag!

 

Aýjemal Gaýlyýewa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty