SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykýar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator 277” ýaryşynyň çäklerinde nobatdaky tutluşygyna çykýar. Onuň bu tutluşygy 15-nji aprelde Toni Jonsona garşy bolar. Bu barada “Sports Illustrated” neşiri habar berýär.

32 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agramda “Berkut” ýaryşynyň absolýut çempiony, “Ahmat” ýaryşynyň absolýut çempiony bolan türgen.

Ol “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde geçiren 2 tutluşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy. Kori Anderson Ýagşymyradowy 2021-nji ýylyň aprelinde ýeňipdi. Döwletjan Ýagşymyradow geçen ýylyň oktýabr aýynda Karl Albrektssona garşy tutluşykda şowly çykyş eden hem bolsa, eminleriň çözgüdi bilen ýeňildi.

Döwletjan Ýagşymyradowyň hem çykyş etjek güni, ýagny 15-nji aprelde “Bellator” ýaryşynda Gran-pri bäsleşiginiň finaly bolar. Onda ýarym agramda “Bellator” çempiony Wadim Nemkow bilen Kori Anderson duşuşar. “Bellator” ýaryşynyň çempiony ady almak ugrundaky final tutluşygyň pul baýragy 1 million dollara barabardyr.

 

 

“Ýuwentus” topary Salah bilen gyzyklanýar

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov