SPORT

Döwletjan “Bellator”-da özüniň ilkinji tutluşygyna çykýar

Ýurdumyzyň başa-baş söweş sungatyň janköýerlerine gyzykly tutluşyk garaşýar. “Bellator 257” garyşyk söweş ýaryşy 16-njy aprelden 17-nji aprele geçilýän gijede ABŞ-da geçiriler. Bilişimiz ýaly, biziň ildeşimiz Dowletjan Ýagşymuradow “ACA” garyşyk söweş sungatynyň çempiony diýen adyna mynasyp boldy. Indi bolsa ol “Bellator MMA” guramasy bilen täze şertnama baglaşdy. Döwletjan Ýagşymuradow bu guramada özüniň ilkinji tutluşygyny amerikaly söweşçi Kori Andersona garşy geçirer. Bu tutluşyk çempionatyň 1/4 ýaryşy bolar. Kori Anderson bilen Döwletjan Ýagşymuradowyň jübütliginde ýeňiş gazanan türgen çempionatyň ýarym finalynda amerikaly Raýan Barder göreşer. “Bellator 257” ýaryşynyň esasy tutluşygy agyr agram derejesinde guramanyň häzirki çempiony russiýaly Wadim Nemkow bilen çempionatyň öňki çempiony amerikaly Fil Deýwisiň arasyndaky tutluşyk bolar.

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymuradowyň hasabynda 18 ýeňiş, 5 gezek ýeňlişe sezewarlyk we 1 gezek deňme-deňligi bar.

Amerikaly Kori Andersonyň hasabynda bolsa 14 ýeňiş we 5 gezek ýeňlişe sezewar bolupdyr.

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: Türkmenbaşy-Stambul

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri