JEMGYÝETPEÝDALY MASLAHAT

Döwlet ýer kadastry we kadastr belgisi barada gysgaça peýdaly maglumat

Döwlet ýer kadastry we kadastr belgisi näme?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda  berilýär we ol ýerde bellenişine görä, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndan herekete girizilen “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynyň 1-nji, 11-nji bentlerine laýyklykda, Döwlet ýer kadastry – ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de ykdysady baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegleri barada, şeýle hem olaryň ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar hem-de ýer kärendeçileri boýunça bölünişi barada resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamy.

Kadastr belgisi – ýer böleginiň onuň bar bolan döwrüniň bütin dowamynda saklanyp galýan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän Türkmenistanyň çäginde gaýtalanmaýan hususy belgisi.

Döwlet ýer kadastrynda goýberilen ýalňyşlyklary nähili düzetmeli?

2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndan herekete girizilen “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 26-njy maddasyna laýyklykda, ýuridik ýa-da fiziki şahs tarapyndan Döwlet ýer kadastry alnyp barlanda ýalňyşlyklaryň goýberilendigi ýüze çykarylan mahalynda bu barada resminamalarda bar bolan maglumatlaryň laýyklygyny barlaýan degişli ýerli edara habar berýär.

Eger-de, ýalňyşlyklaryň goýberilendigi tassyklanylyp, olaryň düzedilmegi ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýa-da Döwlet ýer kadastr maglumatlaryna ynam bildiren beýleki şahslaryň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýerli edara goýberilen ýalňyşlyklary bellenilen tertipde muzdsuz düzetmäge borçludyr.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/hususy-yasayys-jayy-yykylanda-onun-owezi-dolmak/

 

 

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider