JEMGYÝET

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir» atly wagtlaýyn sergini geçirer.

Muzeýiň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, wagtlaýyn sergi öz işine 25-nji ýanwar güni başlar. Şol gün gündiz sagat 15-de açylyş dabarasy boljak sergide muzeýiň gaznasyndan Watan goragyna degişli gymmatlyklar görkeziler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralarda Watan goragçylarynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Ýurduň medeni ojaklary hem bu şanly senäniň jümmüşinde bolarlar. Döwlet muzeýinde geçiriljek sergi hem bu işiň bir mysalydyr.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy