JEMGYÝET

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Şu gün Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllyk toýuny giňden belleýän eziz Diýarymyzda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi.

Döwlet münberi toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary harby ýöriş hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň üstünliklerini açyp görkezýän ýörişler bilen utgaşdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE AHALTEKE BEDEWI SOWGAT EDILDI

Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentine egindeşleriniň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda doglan, mele Dowamat atly ahalteke bedewi sowgat edildi.

Soňra ýurdumyzy dünýäniň dürli döwletlerinde wekilçilik edýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary boldy.

Bu çykyşlardan soňra meýdançada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary peýda boldy. Ilki bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, şeýle hem jemgyýetçilik pudagynyň işgärleri dabaryly ýörişi açdylar.

Soňra paýtagtymyz Aşgabat hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz. Lebap we Mary welaýatlarynyň öwüşginli awtoulaglary dabara gatnaşyjylaryň öňünden geçdi.

Meýdançada ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň awtoulaglary peýda bolup, olara bu pudaklarda gaznaylan üstünlikler görkezildi. Şeýle hem ýurdumyzyň sungat we medeniýet işgärleri özleriniň aýdymlary bilen dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan esasy dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow. şeýle hem köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy