MEDENIÝET

Döwlet kitaphanasyna türkmençe-parsça gepleşik sözlügi sowgat edildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi myhmançylykda boldy. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi sýaty habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi hormatly Nawid Rasuli gezelençde bolmak bilen Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň işi bilen giňden tanyşdy. Şeýle hem myhman Döwlet kitaphanasyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeni merkezi tarapyndan işlenen 15 sany golýazmadan ýazylan iki jiltden ybarat kitabyny hem-de 10000 sözden ybarat bolan parsça-türkmençe sözlügi we türkmençe-parsça gepleşik sözlügini, 30 sany gadymy pars ertekilerini sowgat etdi.

Ýene-de okaň

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy