JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” hormatly ady dakyldy

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň 2 aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine seredildi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly adyň dakylmagy baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz Garaşsyz. hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýalygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we  hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny hormatly at bilen sylaglady.

“Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly ada eýe bolanlar:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Amanow,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, polkownik Serdar Berdimuhamedow,

Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýew,

Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Çakyýew,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Atdaýew,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Guwançmyrat Ussanepesow,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Annaýew,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ýazgeldi Nuryýew,

Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Muhamedow,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Meredow,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Hudaýkulyýew,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Bekmyrat Öwezow

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy