BIZNES

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sanly hyzmatlary kämilleşdiriler

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder