JEMGYÝET

Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş, şeýle hem «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Täze döwrebap atçylyk toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy hem-de olaryň ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Watanymyzyň hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar

Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk üçin atlary taýýarlamak, şeýle hem sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda geçirilýän işler täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirilmegine ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri