JEMGYÝET

Donald Lu: Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaşymyz

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu Türkmenistanda saparda bolýar. Ol saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Bilim we medeniýet merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan metbugat duşuşygynda 20 ýyldan soňra Türkmenistanyň ajaýyp şäheri bolan Aşgabada gelendigini uly buýsanç bilen bellän Donald Lu gysgaça öz çykyşynda Türkmenistanyň ABŞ-nyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Donald Lu ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty goldaw berýändigini belläp, Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ABŞ-nyň Döwlet sekratarynyň golaýda yglan eden maksatnamalarynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletlerine ýakynda goldaw bermek maksady bilen birnäçe möhüm maksatnamalaryň göz öňünde tutulandygyny belledi.

Ol ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ykdysadyýetine goldaw bermek maksady bilen 25 million dollar, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň azyk howpsuzlygyny pjün etmek üçin 16,5 million dollarlyk maksatnamalaryň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Donald Lu Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini mälim etdi.

Ol ABŞ-nyň USAID edarasy bilen Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi üçin käbir taslamalaryň alnyp barylýandygyny belläp, kiçi we orta telekeçiligiň Türkmenistanyň ykdysadyýetindäki ornunyň uludygyny belledi.

Şeýle hem Donald Lu ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, dekabr aýynda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň ýolbaşçy düzüminiň hem-de iri kompaniaýalaryň ýolbaşçylaryndan düzülen toparyň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Ol şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümet wekiliýetleri we hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşyklar guralyp, söwda we maýa goýumlar babatda köp sanly meseleleriň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

Donald Lu Türkmenistanyň energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerine hem goldaw bermäge taýýardyklaryny belläp, häzirki wagtda esasan hem Ýewropada tebigy gazyň bahasynyň artýandygyny mälim edip, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň mümkinçilikleriniň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.

“FLEX” MAKSATNAMASY ÝOLA GOÝLAR

Medeni-ynsanperwer ugurly türkmen-amerikan gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Donald Lu vokary synp mekdep okwucylary xcin AB|-da bir vyllyk okuw maksatnamasy bolan “FLEX” maksatnamasyny geljek okuw ýylyndan ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini belledi. Bu babatda Türkmenistan tarapynyň hem gyzyklanmasynyň bolandygyny mälim etdi.

FLEX – bu bäsleşik esasynda geçirilýän, 1 ýyllyk, talyp hakyny berýän we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän maksatnama, guramaçylyk ýolbaşçylygyny bolsa, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalarynyň Býurosy amala aşyrýar.

Bu maksatnama ozal, köp sanly türkmen ýaşlarynyň gatnaşandygy mälim edildi.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär