SIZDEN GELENLER

Dokma senagaty täze rowaçlyklara çykýar

Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň dokma pudagynda bimöçber uly işler amala aşyryldy. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, müňlerçe täze iş orunlary döredildi.

Ýurdumyzda öndürilen dokma önümlerini esasy satyn alyjy ýurtlar Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Hytaý, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina we Gazagystan bolup durýar. Dokma senagaty pudagy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda 15 sany döwrebap dokma toplumlary guruldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagaty pudagyny ösdürmek üçin 2 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýuldy. 2025-nji ýyla çenli bolsa, bu pudagy mundan beýläk hem ösdürmegiň barşynda umumy bahasy 300 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 30 sany taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem dokma pudagyny sanlylaşdyrmak hem-de dokma önümleriniň onlaýn söwdasyny guramak işlerine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi ähli dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň onlaýn söwdasy üçin ýörite web-saýty işe girizdi. «Altyn Asyr söwda meýdança» diýlip atlandyrylan onlaýn söwda platformasy arkaly Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini oturan ýeriňde satyn almak mümkin. Häzirki wagtda onlaýn sargyt edilen harytlaryň eltmesi Aşgabat şäheri boýunça tölegsiz amala aşyrylýar. Geljekde bu hyzmat ýurdumyzyň welaýatlarynda hem elýeterli bolar.

«Altyn Asyr» onlaýn söwda platformasy arkaly häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilen 504 görnüşli dokma önümini sargyt etmek mümkin. Onda 15 sany milli dokma brendleriniň önümleri ýerleşdirilen. Onlaýn platformada erkekler, zenanlar, ýetginjekler we çagalar üçin dürli geýimleri, dokma önümlerini, aýakgaplary sargyt etmek mümkin. Müşderiler Türkmenistanda öndürilen dokma önümleriniň iň täze görnüşlerini hem oturan ýerlerinde satyn alyp bilerler. Häzirki wagtda söwda platformasynyň mobil goşundylary hem taýýarlanýar.

Ýurtda dowam edýän dokma kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkemnistanda öndürildi” belgili ýokary hilli önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Öndürilýän önümleriň daşky gurşawyň howpsuzlygyna degişli talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär, muňa ýurdumyzyň senagatynyň däp boýunça tebigy ýerli çig mallara esaslanýan ugry ýardam edýär. Türkmenistanyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri halkara derejesinde ykrar edildi we ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifiklatlary, şeýle hem WRAP we OHSAS 18001 standartlaryny aldy.

Ýurdumyzyň dokma kärhanalary daşary ýurtlarda (Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Täjigistan, Koreýa, Türkiýe, Germaniýa) geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin tanyşdyryş saparlary we sergi çäreleri gurnaldy we şol çäreleriň netijesinde goşmaça eksport şertnamalaryna gol çekildi. Dokma önümlerini birža söwdalarynyň, söwda öýleriniň we elektron dükanlarynyň üsti bilen ýerlemek tejribesi ýola goýuldy.

Dokma senagaty ösdürmäge gönükdirilen çäreler pudagyň ösüş derejesini, türkmen dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam bererler.

Aýgül  Ýagşymyradowa, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri