SIZDEN GELENLER

Dokma pudagynyň ösüşli menzilleri

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde senagatlaşdyrylmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, dokma senagaty pudagyna goýulýan maýa goýumlar yzygiderli artdyrylýar. Şonuň hasabyna täze zawoddyr fabrikler gurlup, ulanmaga berilýär. Dokma önümleriniň hili ýokarlandyrylyp, täze önümler we brendler döredilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly önümler öndürilýär. Bu günki gün türkmen dokma önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan ugurlaýyn senagatyň çalt ösmegi, iň oňat içerki we dünýä tejribesiniň ulanylmagy esasynda, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.

Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Häzirki wagtda bu pudakda 70-den gowrak kärhana işleýär. Olaryň düzüminde iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma kärhanalary, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar bar.

Türkmenistanyň dokma senagatynyň mundan beýläk-de ösmegini we giňemegini üpjün edýän daşary ýurt kompaniýalarydyr halkara maliýe guramalary bilen uly göwrümli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda köp sanly sany häzirki zaman dokma toplumy işe girizilip, olarda halkara hil, dolandyryş we marketing ülňüleriniň iň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önüm öndürmek ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri onlaýn satmak üçin yzygiderli mümkinçilikler döredilýär. Dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde topluma degişli bolan kärhanalaryň resmi web saýtlary arkaly onlaýn söwdalar ýola goýuldy.

Uly maýa goýumlary diňe bir bar bolan kuwwatlyklary giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek üçin, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýan kärhanalarda täze önümçiligiň döredilmegine-de gönükdirilýär.

Dokma senagaty pudagynyň ösüşinde pagtaçylyk pudagynyň orny uludyr. Häzirki wagtda oba zähmetkeşleriniň pagta öndürmek baradaky borçnamalaryny üstünlik ýerine ýetirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Aýsona Durdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Nowruz – dostlugyň baýramy

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri