BIZNES

Dokma kärhanalary hususylaşdyrylýar

Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhananyň bardygyny, olaryň 16-synyň paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýändigini habar berdi. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, döwlet kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistan daşary ýurtlara elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder