SPORT

Doganlar Toýlyýewler «Ýüpek ýoly» rallisinde 2-nji orna çykdy

Şu ýylyň 5-nji iýulynda Russiýanyň Tomsk şäherinde badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara rallisiniň 6-njy tapgyry geçirildi. Russiýadan Mongoloiýa çenli uzalyp gidýän bu ralli ýaryşyna Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşýar.

Ozalky “Ýüpek ýoly” halkara rallisinde ýeňiji bolan doganlar Merdan we Şohrat Toýlyýewler T2 ýaryşynda 6-njy tapgryndan soňra 2-nji orna çykdylar. Häzirki wagtda T2 ýaryşynda öňdeligi Andreý Suşensow eýeleýär. Onuň esasy bäsdeşi Mihail Mitýaýew 6-njy tapgyrda tehniki näsazlyklar sebäpli şowsuzlyga uçrady.

Şeýlelikde, Andreý Suşenwosyň esasy bäsdeşi doganlar Merdan we Şohrat Toýlyýewler boldy. Olar 2022-nji ýylda bu rallide ýeňiji bolupdy.

Soňky netijelere görä, türkmen türgenleri birinji orundaky türgenden 2,5 sagatlyk aratapawut bilen yzda barýarlar.

Üçünji orunda bolsa, ýene-de türkmen türgeni Maksatmyrat Daňatarow barýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady