DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry är-aýaly nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi

Dünýäniň iň garry är-aýaly hasaplanýan 106 ýaşly Jon Henderson bilen 105 ýaşly Şarlotta nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi. Olar dünýäniň iň garry jübüti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär.

Jon Şarlottany Tehas ştatdaky Longhorn dabarasyna 1920-nji ýylda öndürilen iki adamlyk awtoulag bilen äkidip, oňa ilkinji duşuşygyndaky ýaly gül desselerini sowgat edipdir. Bu jübüt 1934-nji ýylda Tehas uniwersitetinde tanşypdyrlar we 1939-njy ýylda nika toýuny toýlapdyrlar.

– Olar ajaýyp jübüt we nika arkaly adamlaryň bagtly bolup biljekdigini görkezýärler – diýip, bu är-aýalyň garyndaşy Jeýson Fri teleýaýlyma beren beýanatynda belläp geçýär.

Jon we Şarlotta hemişe bilelikde bolmagy halaýarlar we bilelikde gezelenç edýärler. Şu ýylyň 16-njy dekabrynda bu är-aýalyň ýaşlarynyň jemi 211 ýyl we 175 güne deň boldy. “CNN” teleýaýlymynyň belläp geçmegine görä, olar uzak ýaşamagyň hem-de bagtly maşgala durmuşynyň syrynyň iki taraplaýyn söýgüde ýatandygyny belleýärler.

Ýene-de okaň

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy