Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň taslama işleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şähergurluşygy müdirligine tabşyrylýar ýa-da elektron poçta arkaly bashbinagar01@online.tm salgysyna iberilýär. Taslama işleri şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-94; 44-46-92; 44-46-44.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler