BILIM

Diplom ykrar üçin täze sanaw: Moskwanyň “Üç uniwersitetiň missiýasy” – 2022 :neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan  “Moskwanyň ýokary okuw jaýlar boýunça halkara öňdeligi düzýän sanaw “Üç uniwersitetiň missiýasy” – 2022″ sanawy kabul edildi.  Öň Size habar berişimiz ýaly Türkmenstanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Buýruk kabul edildi. Şol Buýruk bilen Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplarda “QS World University Rankings” diýen sözlerden soň “, “Три миссии университета” diýen sözleri goşuldy. Şeýlelikde diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawyna “Moskwanyň ýokary okuw jaýlar boýunça halkara öňdeligi düzýän sanaw “Üç uniwersitetiň missiýasy” – sanawy hem goşuldy. Şeýlelikde bu sanawda bar bolan halkara ýokary okuw mekdepleriniň diplomy hem ykrar ediler.

Şeýlelikde, diplomy ykrar edilýän uniwersiterleriň sany has artdy. Bu sanawy 103 döwletden 1800 ýokary okuw mekdebi girdi. Sanawa Amerikanyň Birleşen ştatlaryndan 253, Hytaýdan 173, Russiýa Federasiýasyndan bolsa 146 uniwersitet girdi.

RUSYA YKRAR sanawyny şu ýerden alyp bilersiňiz.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Pandemiýa döwründe daşary ýurtda bilim alan talyplary gyzyklandyrýän täze karar baradaky habary aşakdaky linkimizden okap bilersiňiz.

 

Täze karar : pandemiýa döwründäki daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

 

 

Ýene-de okaň

Jon Smit talyp haky maksatnamasy kabul edişlik başlady

Tomusky dynç alyş möwsümi başlady

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi