Resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar.
Döwlet synaglary Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim edaralarynda guralýar we geçirilýär.
Döwlet synag topary Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwlet synag toparlary hakyndaky Düzgünnamada bellenilýän tertipde döredilýär.
Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda) döwlet dilinde geçirilýär.
Resminamasynyň Türkmenistanda ykrar edilmegine dalaş edýän Döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan halatynda nobatdaky synag aýlarynda synag tabşyran okuw mekdebine ýüz tutmak arkaly Döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyryp biler. Şunda degişli okuw mekdebi ýüz tutýana gaýtadan Döwlet synagyny tabşyrmak üçin mümkinçilik döretmelidir. Döwlet synaglary gaýtadan tabşyrylanda şu Gözükdirijiniň dokuzynjy böleginiň 7-nji bendinde bellenilen maslahat okuwlary ýa-da goşmaça tölegli okuwlar gaýtadan geçilmeýär.
Döwlet synaglaryna taýýarlamak üçin Türkmenistanyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleri şu aşakdaky okuwlary guraýarlar:
1) Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş dersleriniň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary;
2) alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) degişli dersleriň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndan öň okuwa girenleriň Resminamalary, bilim almagyň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçenleriň ýa-da şu Gözükdirijiniň on altynjy bölegine laýyklykda synaglardan boşadylanlaryň Resminamalarynyň ykrar edilendigi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky Ykrar şahadatnamasy berilýär.
Ykrar şahadatnamasy daşary ýurt döwletinde berlen resminamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde hukuk güýjüne eýedir.
Ykrar şahadatnamasyny taýýarlamagyň, saklamagyň, hasaba almagyň, doldurmagyň we Resminamanyň eýesine gowşurmagyň düzgünleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.
“Diplom Ykrar Etmek Üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy” baradaky habarymyzy http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzI2MA== linkinden okap bilersiňiz!
Hormatly okyjylarymyz öň neşir edilen “Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary” baradaky habarlarymyzy bolsa http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzI0OA== linkinden okap bilersiňiz!
Gyzyklanýanlar üçin resmi web sahypamyzda ýakynda neşir edilen “Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar” baradaky habarymyzy http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzI0MQ== linkinden okamaklaryny maslahat berýäris.
Hormatly okyjylar şeýle hem bir näçe gün öň neşir edilen “Diplom ykrar etmek : Täze düzgün” habarymyz hem Siziň ünsiňizi çekip biler. Bu habarymyz bolsa http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzIwMQ== linkinden okap bolar.
Mahabat
Okuw resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!
Makul Hyzmat Terjime Merkezi
Aşgabat Ofis
+993 63 78 96 73
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : + 993 12 96 48 55
Türkmenabat Ofis
Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,
+993 63 16 34 69
Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz
Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
IMO Atavatan : +90 532 401 71 52
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52
Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)