SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmek – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar».

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylmy döwlet tarapyndan goldamak, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda bu ulgam halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär we onuň kanunçylyk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň ýol açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.

 Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn uly mazmuna eýe bolup durýar hem-de köp dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, iň zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle bolansoň, güneşli Diýarymyzda hereket edýän bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleri talabalaýyk öwrenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine, olaryň köptaraplaýyn bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýol açýar.

Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen, daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti has-da kämilleşdi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwrebap özgerişleriniň ugry bilen ösýän milli bilim ulgamynyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini öwretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen nöker — bal bilen şeker», «Dil bilenler galadyr» diýen dana sözlerinden görnüşi ýaly, halkymyz ir döwürlerde hem ene dilimiziň daşyndan beýleki dilleri öwenmeklige uly ähmiýet beripdir.

Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, talyplaryň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler.

Türkmenistanda hereket edýän bilim ojaklarynda, orta, orta hünär we ýokary bilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini has täsirli öwretmek maksady bilen dürli usuly-amaly işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem hut şu maksada esaslanyp ýola goýuldy edildi.

Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Okuw sapaklary we yzygiderli geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülik çäreleri Gahryman Arkadagymyzyň belent yhlasyndan dörän gymmatly eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirilýär. Bu bolsa ýaşlarda watana, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler”.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete geçilýän döwründe has hem aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli şertleri döredip berýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almagy üçin hem zerur şertleriň döredilmegi bolsa mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini jümle-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýar.

Şeýle bagtyýar döwrümizde abadan durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!

Aýbölek Ekiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri