SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, gözýetimleriniň giň bolmaklary üçin ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyzda ene dili bilen bir hatarda iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars dillerini öwrenmeklik giňden ýola goýuldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mekdeplerde dil öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem ýaşlaryň kämil bilim almagy, hususan-da daşary ýurt dillerini döwrebap derejede özleşdirmegi ugrunda giň tagallalar edilýär.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi.

Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar.

Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli ýaşlary Watanyň daýanjyna deňemek bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň geljekde gerekli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmagy, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi bolsa dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine getirdi.

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekdäki tapgyrlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gatnaşýan, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny şöhratlandyrýan ýaşlaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen yzygiderli sylaglanylmaklary bolsa bizi täze gözleglere, kämillige ruhlandyrýar.

Täzegül Garagoçowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury