SIZDEN GELENLER

Dil – giň dünýägaraýşyň açary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän aladalar bimöçberdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanymyzda muňa has anyk göz ýetirýäris. Ýol-ýörelgämize öwrülen bu ajaýyp kitapda Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň tutýan orny barada aýdylýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy mejlisdäki çuň manyly çykyşynda bilim ulgamy barada aýratyn durup geçmegi bizde ýakymly täsirleri döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berlendigini aýdyp, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň geljekde hem gurulmagynyň, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmegiň maksadalaýykdygyny, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmagyň ýaşlarymyz üçin hem, jemgyýetimiz üçin hem bähbitli boljakdygyny belledi. Bu bolsa, ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.

Bilim ýurt ösüşleriniňdir özgertmeleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň kämil bolmagyny üpjün etmek hormatly Prezitentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň şertler döredilýär. Şu günki kämil bilim eýeleri gelejekde kär-hünärinde üstünlikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň kabul edilmegi ajaýyp zamanamyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan bilim özgertmeleriniň hil derejesiniň täze belentliklere göterilmegini üpjün etdi.

Dil her bir ýurduň milli gymmatlygy, her bir halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Şol sanda türkmen halkynda-da dil bilmek uly baýlykdyr. Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dili suwara bilmeklerini gazanmak milli bilim syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzda dil bilimi kämil derejede ösdürilip, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, dil merkezlerinde dünýä dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar, ony okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň özi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýetlidir.

Dünýäde näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bar. Emma käbir diller dünýä dili, ýagny ählumumy ykrar edilen halkara dil hasaplanylyp, resminamalarda, möhüm maglumatlardyr beýanatlarda işjeň ulanylýar. Şolaryň biri hem rus dilidir. Dil öwrenmek özge dünýä, özge saýýara aralaşmak, özge medeniýetler, pikir-düşünjeler bilen tanyşmak ýaly täsin duýgulary oýarýar. Daşary ýurt dilini özleşdirdigiçe ynsanyň şahsyýetinde täsin özgeriş duýulýar. Dil öwrenýän ynsanyň dünýägaraýyşy giňelýär, söz baýlygy köpelýär. Bu dünýä aralaşan her bir ynsan ähli mümkinçilikleriň altyn açaryny ele alýar.

Rus dili ylmy we durmuş aragatnaşygynyň hyzmaty babatda dünýäniň iň öňdebaryjy dilleriniň bäşligine girýär. Geçen 2021-nji ýyl boýunça düzülen reýtingde rus dilinden iňlis, ispan, hytaý we fransuz dilleri öňe çykdy, rus dili nemes, ýapon we hindi dillerinden saýlandy. Sanaw düzülende, bu dilde gürleýän adamlaryň we internetden peýdalanýanlaryň, şol dildäki internet-resurslaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sany hem-de diliň halkara guramalaryndaky statusy ýaly ýagdaýlar seljerildi. Netijede, rus dili bu ölçegler babatda aralyk ýagdaýy eýeledi, emma internet-resurslary babatda eýýäm birnäçe ýyl bäri ikinji orny eýeläp gelýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sözlükleriň, ylmy kitaplaryň uly ähmiýeti bardyr. Dili çuňňur öwrenmekde, ilki bilen, onuň ylmy esasyna düşünmek, grammatikasyny özleşdirmek möhümdir. Şonuň üçin hem terjime sözlükler, kitaplar mugallymyň esasy gollanmasy bolýar. Bu babatda hem ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär, täze sözlükleri taýýarlamakda dilçi alymlar tarapyndan asylly işler alnyp barylýar. Mysal üçin, iňlis dili bilen baglanyşykly ençeme ylmy işler ýazyldy, alymlar tarapyndan sözlükler düzüldi. Netijede, ýaşlaryň bu dili öwrenmekleri üçin ylmy edebiýatlara hem, sözlüklere hem ýüzlenmek mümkinçilikleri bardyr.

Nurana geljegimiz bolan ýaş nesle dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi, olaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Ogulşat Rejepowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri