SPORT

Dibala “Roma” toparynda oýnar

Argentinaly futbolçy Paulo Dibala Italiýanyň “Roma” toparynda oýnar. Bu barada Rim toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

28 ýaşyndaky futbolçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Argentin futbolçy erkin futbolçy hökmünde “Roma” topary bilen ylalaşyga geldi. Ol ozal Italiýanyň başga bir güýçli topary “Ýuwentus” toparynyň düzüminde çykyş edýärdi.

Dibala täze toparynda 21 belgili köýnekçede çykyş eder.

Rim şäheriniň topary geçen möwsümde UEFA-nyň gurnaýan üçünji derejeli kubogy bolan Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy.

Paulo Dibala 2015-nji ýylda “Palermo” toparyndan “Ýuwentus” toparyna geçipdi. Ol Turin şäheriniň toparynyň düzüminde 5 gezek Italiýanyň çempiony boldy. 3 gezekden Italiýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy.

Ol bu toparyň düzüminde 293 duşuşykda oýnap, 115 gezek tapawutlandy.

 

Aşgabat bilen Tbilisi arasynda göni gatnawlar ýola goýlar

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy