SPORT

Dibala bilen Angliýanyň toparlary gyzyklanýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň argentinaly hüjümçisi Paulo Dibala bilen Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda karýerasyny dowam etdirip biler.

Metbugat neşirleriň habaryna görä, 27 ýaşly argentinaly hüjümçi bilen “Mançester Siti”, “Mançester Ýunaýted”, “Liwerpul”, “Çelsi”, “Tottenhem” we “Arsenal” toparlary gyzyklanýar. Futbolçynyň bu toparlaryň birine 2021-nji ýylyň tomsunda geçip biler.

Mundan başga-da, Fransiýanyň “PSŽ” topary hem düzümindäki Kilian Mbappeniň ornuny tutup biljek Dibala gyzyklanýar.

Häzirki wagtda Dibala zö çykyş edýän toparyndaky duşuşyklarda kän oýnamaýandygy üçin başga toparlaryň tekliplerini öwrenmäge taýýar. Futbolçynyň topary bilen şertnamasynyň möhleti ýene-de bir ýarym ýyldan tamamlanýar. Futbolçy has köp zähmet haky talap edýär. Bu babatda dekabryň ahyrynda ýa-da ýanwaryň başlarynda toparyň ýolbaşçylary Dibalanyň wekilleri bilen duşuşar.

Argentinaly hüjümçi bu toparda 2015-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Şu möwsümde ol 10 duşuşykda 1 gezek tapawutlandy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

“Kristal Palas” ilkinji gezek Angliýanyň Super Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri