MEDENIÝET

Diananyň awtoulagy auksionda satylar

Beýik Britaniýanyş şazada aýaly Diananyň 1985-njy ýylda öndürilen ” Ford Escort RS Turbo Series 1″ kysymly ulagy auksionda satylar. Beýik Britaniýanyň “Silwerstone” auksion öýi bu satuwy amala aşyrar.

Bu awtoulag şazada aýaly Diananyň islegleri nazarda tutulyp, ýörite taýýarlandy. Ol adaty bolmadyk we gara reňkdäki ýeke-täk ” RS Turbo Series 1″ ulagydyr. Bu ulag bilen bary-ýogy 40 müň kilometr menzil geçilipdir.

1988-nji ýylda awtoulagy “Ford Motor” kompaniýasyna gaýtaryp berdiler. Şol ýerde kompaniýalaryň biriniň menejerine satyldy. 5 ýyldan soňra ulagy mahabat aksiýasynda goýdular. 2008-nji ýylda bu ulag “Ford RS” kysymly awtoulaglary kolleksiýa edýän adam tarapyndan satyn alyndy.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi