Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli mirasymyza we onuñ taryhy köklerini öwrenip,geljekki ýaş nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar, alymlarmyz tarapyndan birnäçe kitaplar we golýazmalar döredilýär. Şeýle golýazmalaryñ biri hem dessanlardyr. Dessanlar halkyñ milli mirasy bolup, öz taryhy köklerini ýitirmän, türkmen alymlary tarapyndan biziñ günlerimize gelip ýetendir. Dessanlar öz köptaraplygy bilen özüne çekýär, esasanam ondaky ýer-ýurt atlarynyñ gadymylygy bilen tapawutlanýar. Munuñ aýdyñ mysaly hökmünde,”Asly-Kerem” dessanda Rum diýaryny goşgy setirlerinde, ýa bolmasa-da kyssa görnüşde duş gelýär.Meselem, Keremiñ dilinde şeýle beýan edilýär:
Saparymyz düşdi, Rumy diýara,
Ata-ene, maña gurbat eýläliñ!
RUM [Ru:m] – 1. Gresiýa (Ýunanystan) we Wizantiýa (Bizans) döwletleriniň tutuş ady. 2. Kiçi Aziýanyň ady.
3. Anadoly ýarymadasynyň ady. Rum sözi Rim (aslynda Roma) şäheriniň adynyň biraz üýtgän görnüşidir. Seljuklaryň Günbatara hereketi netijesinde Orta Aziýadan Kiçi Aziýa giden türkmenler Wizantiýa topraklaryny eýeläp, bu ýurtda ençeme beglikler we hökümdarlyklar gurýarlar. Bu ýurtda 1092-1307-nji ýyllar aralykda Rum Seljuk türkmenleriniň döwleti hem hokum sürýär. Netijede, tutuş Wizantiýa ili türkmen iline, gepleşik dili hem türkmen diline öwrülýär. Ýurduň ady hem Rum, Rum ili, Rum ýurdy, Rumustan görnüşlerinde ulanylmaga başlaýar.
Gezdiler Rumuň düzüni…
(Magtymguly).
Nurmuhammet Andalybyñ “Baba-Röwşen” dessanynda bolsa Medine şäheriniñ beýanynda duşmak bolýar .MEDINE [Medi:ne] – Saud Arabystanynda şäher (öňki ady Ýasrib ýa-da Ýatrib). Bu adyň arapça görnüşi Medinetan – Nabi bolup, ol „pygamberiň şäheri” diýen manyny aňladýar. 622-nji ýylda yslam dinini esaslandyryjy Muhammet pygamber dogduk şäheri Mekgeden şu ýere gelenden soň, şähere şeýle at dakylýar. Muhammet pygamberiň gubury Medinede ýerleşýändigi üçin, ol haja gelýän musulmanlaryň Mekgedäki Käbeden soňky zyýaratyny amal edýän şäheridir. Medinede dünýäniň iň uly metjitleriň biri bolup, ol VII asyrda bina edilipdir. Muhammet pygamber Medinä gelen dessine öňi bilen metjit saldyrýar, soňra özüne öý gurunýar.Mekge we Medine has irki döwürlerden bäri türkmenleriň haja gidýän mukaddes ojagy bolany üçin, olaryň ady nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde-de köp duş gelýär:
Mesgeni Mekge, Medine sekiz uçmah lälesi…
(Magtymguly).
Halkyñ arasynda meşhur bolan “Görogly” şadessanynda Nyşapur welaýatynyñ adyna duşmak bolýar.Dessanda Nyşapuryñ ady goşgy setirlerde hem agzalyp geçilýär:
Belent dag başynda gurdy dawany,
Töwriz Nişapur, ol Hyrwany,
Mundan başga-da dessanyñ Kenpir şahasynda Nyşapuryñ patyşasy Baly beg bilen bagly wakalaryñ köpdürlüligine hem duşmak bolýar. NYŞAPUR [Nyşapu:r] – Eýran Horasanynda bir welaýatyň we onuň merkeziniň ady. Sasany şasy Şapur I tarapyndan III asyryň ortalarynda düýbi tutulan bu şäher taryhy we gadymy medeni merkezleriň biri hasaplanýar. Sarahsdan we Aşgabatdan onçakly uzak bolmadyk bu şäher irki eýýamlardan bäri türkmenleriň baryş-geliş edýän, gatnaşýan we dürli döwürlerde ýaşan şäheri bolupdyr. Daňdanakan söweşinden soňra Togrul beg öz guran türkmen döwletiniň paýtagty hökmünde Nyşapury saýlapdyr. Şeýle ýygy garnaşylandygy üçin, bu şäheriň ady geçmiş türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde-de köp duşýar:
Huruç eýläp tursa eger,
Permana geler Nyşapur.
(Magtymguly).
Nyşapur şäheri Omar Haýýamyň şu ýerde doglandygy we jaýlanandygy, guburynyň üstüne gurlan, kaşaň ýadygärligiň uly hem-de sapaly bagda ýerleşýändigi bilen hem meşhurdyr.
Ýokarda agzalan atlar çen tutsañ türkmeniñ taryhy köklerini asyrlaryñ jümmüşinden alyp gaýdyp, biziñ günlerimize ýetirip türkmen edebiýatynda, taryhynda öz köptaraplylygy bilen orun tapdy. Çünki türkmen topragy taryha, edebi mirasa baýdyr.
Toplan: Uzukjemal Amanowa, Ahal welaýatynyñ Babadaýhan etrabynyñ 18-nji orta mekdebiniñ mugallymy.
