SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Demirýollary” AGPJ: onlaýn bilet almak üçin köp soralýan sowallaryň jogaby

Sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen köp sanly işleri internet arkaly ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredi. Şol bir wagtda mundan beýläk, uçar we otly biletleri hem onlaýn görnüşde satyn alynýar.

“Demirýollary” AGPJ ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan “Demirýollary” AGPJ programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini “Altyn Asyr” töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr.

“Demirýollary” AGPJ-niň resmi saýtynda onlaýn petek satyn almak babatda käbir köp soralýan sowallaryň jogaplary berlipdir. Şolary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

KÖP SORALÝAN SORAGLAR

  • Altyn asyr töleg kartymyň CVC kodyny nireden alyp bilerin?

    Hormatly ýolagçylar siziň «Altyn asyr» töleg kartyňyzyň CVC kody kartyň arka ýüzünde görkezilen. Eger-de, siziň kartyňyzyň arka ýüzünde CVC kody ýok bolsa, kartyň degişli bankyna ýüz tutup bilersiňiz.

     

  • Haýsy banklaryň kartlary boýunça tölegler kabul edilýär?

    Siz biletleriňizi «Altyn Asyr» töleg kartlary hem-de Senagat bank karty arkaly satyn alyp bilersiňiz. Ençeme banklar tarapyndan ulanylýan “Altyn asyr” plastik kartyndan töleg etmek üçin “Halkbank” awtomatiki usulda saýlanar.  Eger kartyňyz Senagat bankyna degişli bolsa, diňe şol ýagdaýda “Senagat bank” diýen öýjügi saýlaň.

     

  • Öz kartym bilen başga ýolagçylara bilet satyn alyp bilerinmi?

    Hawa. Islendik adam başga adamlaryň biletleri üçin onlaýn töleg amala aşyryp biler.

     

  • Töleg geçirmek düwmesine basanymda, töleg sahypasy açylmaýar.

    Töleg sahypasynyň açylmazlygynyň iň esasy sebäbi internet proksyňyzda näsazlyk bardygynyň alamaty. Şeýle hem ähli tölegleri diňe Türkmenistanyň çäginden amala aşyrmaga rugsat berilýändigi sebäpli töleg sahypasy açylman biler.

     

  • Bilediň tölegini telefondan TMCELL (Öýjükli aragatnaşyk) arkaly töläp bilýärinmi?

    Bilediň tölegini Öýjükli aragatnaşyk belgileri arkaly töläp bolmaýar. Onlaýn bilet üçin häzirki wagtda diňe Altyn Asyr kartlary arkaly tölegler kabul edilýär.

     

  • Kart maglumatlaryny girizenimden soňra, “Call to bank” ýazgysy çykýar.

    “Call to bank” ýazgysy çykmagynyň sebäbi siziň kartyňyza SMS habarnama hyzmaty birikdirilmänligi sebäplidir. Siz SMS habarnama hyzmatyny “Türkmenbaşy” täjirçilik bankyna degişli bankomatlardan birikdirip bilersiňiz.

     

  • Onlaýn töleg geçirmek üçin, SMS habarnama hyzmaty birikdirilmelimi?

    Online töleg geçirmek üçin SMS habarnama hyzmaty hökman birikdirilen bolmaly. SMS habarnama hyzmatyny “Türkmenbaşy” DTB degişli bankomatlardan birikdirip bilersiňiz.

     

  • CVC kodyny telefon arkaly bilmek üçin haýsy maglumatlar gerekli?

    CVC koduny telefon arkaly bilmek üçin kartyňyzyň 16 belgili nomeri, kartyň eýesiniň at-familýasy we pasport belgisi gerekli. CVC koduny almazdan ozal, kartyňyza SMS habarnama hyzmatyny birikdirmegi hem ýatdan çykarmaň.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy

Tailandyň syýahatçylyk girdejisi 53 milliard dollar bolar

Arkadag şäherinde süýtli çaga şülesiniň önümçiligine girişildi

“Tatneft” kompaniýasy Türkmenistanda lukmançylyk polipropileni öndürmäge gyzyklanma bildirýär

BSG: maýmyn mama keseli gözegçilik astyna alnyp bilner

Ýylan adasy: dünýäniň iň howply ýeri