JEMGYÝET

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy Aşgabatda duşuşyk geçirdi

Paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän forumynyň gün tertibine guramanyň demir ýollaryň Baş direktorlar konferensiýasynyň XXXVII we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň XXXIII mejlislerinde kabul edilen çözgütler hakyndaky maglumat, demir ýol ulagy boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.

2022-nji ýylyň maýynda Türkmenistan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga goşuldy.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi